Page 494 - Kurany Kerim Meali
P. 494

61. Elbetde, ol (Isanyň täzeden gelmegi)
                kyýamatyň alamatlarynyň biridir. Siz ol
                barada  hiç  hili  şübhe  etmäň  we  Maňa
                eýeriň! Sebäbi bu iň dogry ýoldur.

                62.  Hergiz  şeýtan  sizi  dogry  ýoldan
                azdyrmasyn!  Takyk,  ol  siziň  üçin
                gönüden-göni duşmandyr.


                63. Isa aýdyň deliller bilen gelende: «Men
                size hikmeti getirdim we düşünişmezlik
                edýän  zatlaryňyzyň  bir  bölegini  size
                beýan  etmek  üçin  geldim.  Beýle  bolsa,
                Alladan gorkuň we maňa boýun egiň!


                64.  Takyk, Alla  meniň  hem,  siziň  hem
                Perwerdigäriňizdir.  Oňa  ybadat  ediň!      musulman bolan) bendelerim!
                Ine, bu iň dogry ýoldur» diýip aýdypdy.
                                                             69. Bu gün siziň üçin hiç hili gorky-howp
                65.  Emma  olaryň  arasyndan  dörän          ýokdur! Siz gamgyn hem bolmarsyňyz.
                toparlar   gapma-garşylyga      sezewar
                boldular.   Gazaply    azap    gününde       70.  Siz  we  jübütleriňiz  hoşal  bolup
                zalymlaryň haly harap bolar, waý, olaryň     jennete giriň!
                hallaryna!
                                                             71. Olara altyndan tabaklar we bulgurlar

                66.  Olar  duýdansyz  ýagdaýdakalar          bilen  hödür-kerem  ediler.  Ol  ýerde
                kyýamat gününiň başlaryna gelmeginden        göwünleriniň    küýseýän,    gözleriniň
                başga nämä garaşýarlar?                      lezzet  aljak  ähli  zatlary  bardyr.  Siz  ol
                                                             ýerde ebedi galarsyňyz.
                67.  Ol  gün  takwa  kişilerden  başga
                (günä işlerde) birek-birege dost bolanlar    72. Olara: «Ine, bu eden amallaryňyzyň
                duşman bolarlar.                             ýerine miras edilip berlen jennet!


                68. Eý, (Biziň aýatlarymyza iman getirip     73.  Ol  ýerde  siziň  üçin  köp  miweler
                                                             bardyr, olardan iýiň!» diýlip aýdylar.
                                                                                                 495
   489   490   491   492   493   494   495   496   497   498   499