Page 413 - Kurany Kerim Meali
P. 413
22. Kim özüni dolulygyna Alla tabşyryp,
ýagşy işleri etse, ol takyk, örän berk
tutawaja ýapyşandyr. Aslynda, ähli
işleriň soňy Alla barýandyr.
23. (Eý, Muhammet!) Inkär edýänleriň
inkäri seni gynandyrmasyn. Olaryň
(iň soňunda) gaýdyp geljek ýeri Biziň
ýanymyzadyr. Ine, şol wagt Biz olara
eden etmişlerini habar bereris. Takyk,
Alla gursaklardakyny (ýüreklerdäkini)
hem bilýändir.
24. Biz olara az wagtlyk (dünýä
malyndan) peýdalanmak mümkinçiligini
bereris, soň bolsa, olary agyr azaba
sezewar ederis.
25. Olardan: «Asmanlary we ýeri kim
ýaratdy?» diýip sorasaň «Elbetde, Alla»
diýip, jogap bererler. Sen olara: «Beýle
bolsa, onda ähli öwgi-alkyş diňe Alla
mahsusdyr» diýip aýt. Emma olaryň
köpüsi muny bilmezler.
20. Allanyň asmanlardaky we
ýerdäki ähli zady siziň (gol astyňyza) 26. Asmanlardaky we ýerdäki ähli zatlar
berendigini, nygmatlaryny äşgär hem- Allanyň (mülküdir). Elbetde, baý (mätäç
de gizlin görnüşde bol edip berendigini bolmadyk) we öwülmäge laýyk bolan
görmeýärsiňizmi! Muňa garamazdan, (diňe) Alladyr.
adamlaryň arasyndan ylym-bilimi, ýol
görkezijisi we aýdyňlaşdyryjy kitaby 27. Eger ýer ýüzündäki ähli agaçlar galam
bolmasa hem Alla hakda jedelleşýän bolsa we deňiz, yzyndan ýene ýedi deňiz
kişiler bardyr. goşulyp (syýa bolup) gelse-de, Allanyň
sözleri (ylmy, hökümleri) gutarmaz. Alla
21. Olara: «Allanyň iberen zadyna Gudraty güýçlüdir, hikmet eýesidir.
eýeriň» diýilse: «Ýok, biz ata-
babalarymyzyň tutan ýoluna eýerýäris» 28. Siziň (hemmäňiziň) ýaradylmagyňyz
diýerler. Eger şeýtan olar ýalyny oduň we täzeden direldilmegiňiz (Alla üçin),
azabyna çagyrýan bolsa hem, şeýle göýä, bir kişiniň (ýaradylmagy we
(etjeklermikä)? direldilmegi) ýalydyr. Takyk, Alla (ähli
zady) eşidýändir, görýändir.
414

