Page 415 - Kurany Kerim Meali
P. 415
toslap tapdy» diýýärlermi? Ýok, beýle
däl! Ol (Kuran) «Dogry ýola gelerler»
diýen umyt bilen öň nesihatçy (pygamber)
gelmedik bir milleti habardar etmek üçin
saňa Perwerdigäriň tarapyndan iberilen
hakykatdyr.
4. Alla asmanlary, ýeri we olaryň
arasyndaky ähli zatlary alty günde ýaratdy,
soň bolsa (özüne mahsus görmüşde)
Arşa istiwa etdi (hökmürowanlyk bilen
älemi dolandyrdy). Size Ondan başga hiç
hili dost we şepagatçy (penakär) ýokdur.
Heý, pikir etmeýärsiňizmi?
5. Ol asmandan ýere çenli ähli işleri
dolandyrýar. Soň bu işler, siziň ulanýan
hasabyňyza görä, müň aý mukdarynda
bolan bir günde onuň huzuryna çykar.
6. Ol (Alla) gaýyby (görünmeýäni) hem-
de görünýäni bilýän Gudraty güýçlüdir,
Rehim-şepagatlydyr.
7. Ol ýaradan zadyny kämil görnüşde
ýaradan Alladyr. Ol adamy ilkibaşda
palçykdan ýaratdy.
8. Soň bolsa onuň neslini ýönekeý bir
damja suwdan ýaratdy.
32-nji süre: Sežde
9. Soň oňa surat berip, oňa Öz ruhundan
«Sežde» süresi Mekgede inen sürelerden bolup, üfledi we siziň üçin gulaklar, gözler we
ol 30 aýatdan ybaratdyr. Bu süräniň 15-nji ýürekler ýaratdy. Şonda-da siz gaty az
aýatynyň sežde aýatydygy sebäpli, oňa bu at şükür edýärsiňiz.
berlipdir. Sürede möminlere ahyretde beriljek
belent derejeler barada aýdylýar. 10. Olar: «Toprakda ýitip ýok bolup
gidenimizden soň, heý, biz täzeden
Rahman (Mähriban) we Rahym (Rehim-
şepagatly) Allanyň ady bilen ýaradylarysmy?» diýerler. Şeýle
diýmek bilen olar, aslynda, özleriniň
1. Elif, Läm, Mim. Perwerdigärine gowuşjakdyklaryny
inkär edýärler.
2. Bu kitabyň älemleriň Perwerdigäri
tarapyndan iberilendigine hiç hili şek- 11. (Eý, Muhammet!) Olara: «Bellenilen
şübhe ýokdur. ölüm perişdesi siziň janyňyzy alar we
soň siz Perwerdigäriňize getirilersiňiz»
3. Olar Kurany «(Muhammediň) özi diýip aýt.
416

