Page 346 - Kurany Kerim Meali
P. 346

60,     61.     (Şeýle-de)     özleriniň
                Perwerdigärine  dolanyp  barjakdyklary
                barada  ýüreklerinde  gorky  bolanlar,
                özlerine  berlen  mal-mülkden  (zekat,
                sadaka) berenler, ine, şular, ýagşy işleri
                etmekde  ýaryşýan  we  bu  babatda  öňe
                geçenlerdir.


                62.  Biz  hiç  kime  güýjünden  artykmaç
                ýük  (borç)  ýüklemeris.  Huzurymyzda
                (diňe) hakykaty aýdýan kitap bardyr we
                olara zulum edilmez.

                63.  Ýok,  olaryň  ýürekleri  mundan
                bihabardyr.  Olaryň  mundan  başga-da
                edýän  (erbet)  işleri  bardyr  we  olar  ol
                işleri hem edýärler.


                64.  Biz  olaryň  (rahat  we  bolelin
                durmuşda)  ýaşaýanlaryny  kynçylyga
                (ýa-da azaba) sezewar edenimizde, olar
                dessine dady-perýat ederler.

                65. Bu gün indi (boş ýere) dady-perýat
                etmäň,  siz  Bizden  hiç  hili  kömek
                görmersiňiz!

                66.  Takyk,  size  Meniň  aýatlarym
                okalanda,    siz    derrew    ýeňsäňizi
                görkezýärdiňiz.                              71.  Eger  hakykat  olaryň  höweslerine
                                                             (arzuw-hyýallaryna) tabyn bolan bolsady,

                67.  Oňa  (Kurana)  göwnüýetmezçilik         takyk, asmanlar, ýer we ikisiniň içindäki
                edip,  agşamky  mejlislerde  (ol  barada)    ähli  zatlar  tertip-düzgünini  ýitirerdi.
                bolar-bolgusyz gürrüňler edýärdiňiz.         Tersine,  biz  olara  öz  şan-şöhratlaryny
                                                             (Kurany)  getirdik,  olar  bolsa  öz  şan-

                68. Olar henizem bu söze (Kurana) akyl       şöhratlaryndan ýüz öwürýärler.
                ýetirmedilermi?  Ýa-da  olara  öňki  ata-
                babalaryna gelmedik bir zat geldimikä?       72. Ýa-da sen olardan çykdajy etmeklerini
                                                             soraýarmyň? Perwerdigäriň (siziň üçin)
                69.  Ýa-da  olar,  öz  pygamberlerini        edýän  çykdajysy  has  haýyrlydyr.  Ol
                tanamaýandyklary  üçin,  ony  inkär          rysgal berýänleriň iň haýyrlysydyr.
                edýärlermikä?
                                                             73.  Takyk,  sen  olary  dogry  ýola
                70.  Ýa-da  «Onda  bir  dälilik  bar»        çagyrýarsyň.
                diýýärlermi? Tersine, ol olara hakykaty
                getirdi  we  olaryň  köpüsi  hakykaty        74. Ahyrete ynanmaýanlar bolsa kejirlik
                ýigrenýändir.                                bilen ýoldan çykýandyrlar.



                                                                                                 347
   341   342   343   344   345   346   347   348   349   350   351