Page 342 - Kurany Kerim Meali
P. 342
23-nji süre: «Mu’minun» («Möminler»)
«Mu’minun» süresi Mekgede inen sürelerden
bolup, ol 118 aýatdan ybaratdyr. Sürede
möminleriň ahlak ýörelgeleri we olara ahyretdäki
beriljek nygmatlar barada gürrüň gozgalýandygy
üçin bu at berlipdir.
Rahman (Mähriban) we Rahym (Rehim-
şepagatly) Allanyň ady bilen
1. (Aşakdaky wasplary özlerinde
jemleýän) möminler (bagtyýarlyga
ýetip) halas bolarlar.
2. Olar namazlaryna pespällik, doly
edeplilik bilen durýandyrlar.
3. Olar biderek gürrüňlerden ýüz
öwürýändirler.
4. Olar zekat berýändirler.
5. Olar jynsy agzalaryny (namyslaryny)
goraýandyrlar.
6. Olar diňe aýallaryndan we gol
astyndaky (gyrnaklaryndan) goramazlar,
çünki olar bu babatda ýazgarylmaýarlar.
7. Eger kim munuň çäginden çyksa, onda 14. Soň bu damja suwy gan lagtasy
olar (diniň) çägini aşanlardyr. edip ýaratdyk. Gan lagtasyny bölejik et
edip ýaratdyk. Bölejik eti-de süňk edip
8. Olar öz amanatlaryna we wadalaryna ýaratdyk. Süňke bolsa et geýdirdik. Soň
wepalydyrlar. hem ony başga bir ýaradylan (adam)
görnüşinde ýaratdyk. Ýaradyjylaryň iň
9. Olar namazlaryna gaýymdyrlar. haýyrlysy bolan Alla örän Beýikdir.
10. Olar hakyky mirasdüşerdirler. 15. Soň siz munuň yzyndan
(ýaşanyňyzdan soň), elbetde, ölersiňiz.
11. Olar «Firdöws» (jennetini) miras
alarlar. Olar şol ýerde baky galarlar. 16. Soň hem siz kyýamat güni tazeden
direldilersiňiz.
12. Takyk, Biz ynsany (ýerden alnan)
palçykdan ýaratdyk. 17. Biz, takyk, siziň üstüňizde ýedi
gat (asmany) ýaratdyk. Biz ýaradan
13. Soň ony ynamly bir ýerde damja suw zatlarymyzdan gapyl däldiris.
edip goýduk.
343

