Page 344 - Kurany Kerim Meali
P. 344

28.  Sen  we  ýanyňdakylar  gämä  doly
                ýerleşeniňizden  soň:  «Hakyky  hamdy-
                sena  bizi  zalym  kowumdan  halas  eden
                Alla mahsusdyr» diýiň!» diýdik.

                29.  Sen:  «Eý,  Perwerdigärim!  Meni
                bereketli  bir  ýere  ýerleşdir.  Sen
                inderýänleriň   (ýerleşdirýänleriň)   iň
                haýyrlysysyň» diý!


                30. Takyk, bu (aýdylan sözlerde) ybratlar-
                alamatlar bardyr we takyk, Biz synagdan
                geçirýäris.


                31.  Soň  olaryň  yzyndan  başga  nesil
                döretdik.

                32.  Olara  hem  öz  içlerinden:  «Alla
                gulluk  ediň!  Siziň  üçin  Ondan  başga
                (ybadata  laýyk)  hudaý  ýokdur.  (Oňa
                garşy gelmekden) gorkmaýarsyňyzmy?»
                diýýän ilçi iberdik.

                33.  Kowumynyň  içinden  inkär  eden,
                ahyrete  gowuşmagy  ýalan  hasaplan  we
                dünýäde rahat durmuş berlen toparymyz:
                «Bu hem özüňiz ýaly adamdan başga zat
                däldir.  Siziň  iýýän  zadyňyzdan  iýýär,
                siziň içýän zadyňyzdan hem içýär.


                34. Eger siz özüňiz ýaly bir adama boýun     38. Ol Alla ýalan töhmet atan adamdan
                boljak  bolsaňyz,  onda  siz,  takyk,  ýitgi   başga  zat  däldir  we  biz  oňa  ynanýan
                çekenlerden bolarsyňyz.                      däldiris» diýdiler.


                35.  Ol  size,  siz  ölüp,  toprak  we  süňk   39. Ol (pygamber): «Eý, Perwerdigärim!
                bolanyňyzdan     soň,   siziň   (täzeden     Men barada aýdýan ýalan zatlary sebäpli,
                direldilip)  çykaryljakdygyňyzy  wada        maňa ýardam ber» diýdi.
                berýärmi?
                                                             40. Ol (Alla): «Az wagtdan olar hökman
                36.  Heý,  bu  boljak  zatmy?  Size  wada    puşman ederler» diýdi.
                berlen (bu) zat, heý, boljak zatmy?
                                                             41. Şol barmana olary aýylganç bir goh-
                37.  Bu  durmuş  biziň  bu  dünýädäki        galmagal gaplap aldy. Şeýdip, biz olary
                ýaşaýşymyzdan  ybaratdyr.  Biz  ölýäris      çöp-çalama öwürdik. Ýok bolsun zalym
                (ata-babalarymyz  ölýär)  we  ýaşaýarys      kowum!
                (çagalarymyz dünýä inýär). Biz täzeden
                direldilmeris.                               42.  Soň  olaryň  yzyndan  başga  nesiller
                                                             döretdik.

                                                                                                 345
   339   340   341   342   343   344   345   346   347   348   349