Page 350 - Kurany Kerim Meali
P. 350
24-nji süre: Nur
«Nur» süresi Medinede inen sürelerden bolup, ol
64 aýatdan ybaratdyr. Sürede namysly aýallara
töhmet atmagyň jezasy, gybatyň ýazgarylmagy,
bir öýe baranyňda saklanylmaly edepler,
jemgyýetçilik gatnaşyklary ýaly meseleler
barada gürrüň gozgalýar. Süräniň ady 35-nji
we 40-njy aýatlarda agzalýan «Allanyň nury»
düşünjesinden alnandyr.
Rahman (Mähriban) we Rahym (Rehim-
şepagatly) Allanyň ady bilen
1. Bu biziň inderen we (hökümlerini)
parz eden sürämizdir. Siz öwüt alarsyňyz
diýip, Biz bu süräniň içinde äşgär
aýatlary inderdik.
2. Zyna (binika gatnaşyk) eden aýalyň
we erkegiň her haýsyna ýüz gamçy uruň!
Eger Alla we ahyret gününe ynanýan
bolsaňyz, Allanyň goýan kanunlaryny
berjaý etmekde dözmezçilik etmäň!
Möminlerden bir topar hem olaryň
(zynakär erkegiň we aýalyň) ikisine
berilýän jezany gözleri bilen görsünler!
3. Zyna eden erkek diňe zyna eden ýa-
da Alla şärik goşan aýala öýlenip biler.
Zyna eden aýal hem diňe zyna eden
ýa-da Alla şärik goşan erkege durmuşa
çykyp biler. Bu (zynakär bilen durmuş
gurmak) möminlere haram edilendir.
sözleýän bolsa, Allanyň näletiniň özüne
4. Namysly aýallara (zyna günäsi siňmegini dilemelidir.
bilen) töhmet atyp, soň hem dört şaýat
getirmediklere segsen gamçy uruň we 8. Aýaldan azaby aýyrjak zat bolsa onuň
olaryň şaýatlyklaryny hiç haçan kabul adamsynyň ýalan sözleýändigine dört
etmäň! Olar pasyk kişilerdir. gezek Allanyň adyndan kasam edip,
güwälik etmegidir.
5. Meger mundan soň toba edip,
düzelenler (muňa degişli däldir). Çünki 9. Bäşinji gezeginde bolsa, eger adamsy
Alla Bagyşlaýjydyr, Rehim-şepagatlydyr. dogrusyny aýdýan bolsa, Allanyň
gazabynyň özüne siňmegini dilemelidir.
6. Aýallaryna (zyna) ýöňkäp, (muňa)
özlerinden başga şaýatlary bolmadyklar, 10. Eger size Allanyň ýagşylygy we
takyk, özüniň dogry aýdýandygy barada merhemeti bolmadyk bolsady, Ol
dört gezek Allanyň adyndan kasam edip, tobalary kabul edýän we hikmet eýesi
şaýatlyk etmelidir. bolmadyk bolsady (gör, näme ederdiňiz)!
7. Bäşinji gezeginde bolsa, eger ýalan
351

