Page 567 - Kurany Kerim Meali
P. 567
(biri-birleri bilen) çakyşdyrylyp, bir
zarba bilen derbi-dagyn edilende!
15. Şol günde uly hadysa amala aşar
(kyýamat gopar).
16. Asman ýarylar, ol günde ol (asman)
gowşap, ejiz bolar.
17. (Ol gün) perişdeler (asmanyň) daş-
töwereginde bolarlar. Ol gün seniň
Perwerdigäriň Arşyny bulardan hem
ýokarda sekiz (perişde) göterer.
18. Ol gün siziň eden (ähli) işleriňiz
(Allanyň öňünde) görkeziler. (Hatda)
siziň eden hiç bir işiňiz hem gizlin
galmaz.
19. (Ol gün) hasap (amal) kitaby sag
tarapyndan berlen kişi (şatlanyp): «Ine
(hasap) kitabym. Geliň, okaň!
20. Men öz hasabyma gowuşjakdygymy
bilýärdim» diýer.
21. Bes, ol hoş (we bagtyýar) ýaşaýşyň
içindedir.
22, 23. Bişen miweleri (ele) ýakyn örän
beýik jennetdedirler.
24. Olara: «Geçen günleriňizde eden
(ýagşy) amallaryňyz üçin işdä bilen iýiň,
içiň!» diýler.
25. Emma hasap (amal) kitaby çep
tarapyndan berlen kişi (gynanyp):
«Maňa haýp bolsun! Käşgä, bu kitabym
9. Fyrgawn, ondan öňküler we (şäherleri) berilmesedi!
agdar-düňder edilen (ýer ýuwdan Lut 26. Käşgä, hasabymyň nämedigini
kowumy) hem (Alla şärik goşup, günäkär bilmesedim!
bolup) geldiler. 27. Käşgä, ölüm iş bitiren bolsady (onuň
10. (Olar) özleriniň Perwerdigäriniň bilen hemme zat gutarsady)!
ilçisine garşy çykdylar. Ol (Alla) hem 28. Mal-mülküm maňa peýda bermedi.
olary aýylganç (azap bilen) tutdy 29. Ähli güýjüm menden ýok bolup
(jezalandyrdy). gitdi!» diýer.
11. Takyk, (Nuhuň döwründe) suwlar 30, 31, 32. (Alla dowzah sakçylaryna
joşan wagty, sizi (ata-babalaryňyzy) şeýle emir berer): «Ony tutup, daňyň,
howpsuz gämide Biz ýüzdüripdik. soň hem dowzaha atyň, soň ony ýetmiş
12. Ony size ybrat bolmagy üçin hem-de arşyn uzynlygyndaky zynjyra daňyň!».
eşitjek gulaklar (gowy ýatda) saklasynlar 33. Sebäbi ol beýik Alla iman getirmedi.
diýip (beýle etdik). 34. Ol (özüni we özgeleri) garyp-
13. Bes, haçan sura bir gezek (güýçli) gasarlary doýurmaga höweslendirmedi.
üflenilende!
14. Ýer we daglar ýerlerinden galdyrylyp,
568

