Page 491 - Kurany Kerim Meali
P. 491

26.  Ybraýym  atasyna  we  kowumyna
                                                      ýüzlenip:  «Men  siziň  ybadat  edýän
                                                      zatlaryňyzdan juda daşdadyryn!

                                                      27.  Men  diňe  meni  ýaradana  iman
                                                      getirýärin.  Takyk,  Ol  meni  dogry  ýola
                                                      salýar» diýipdi.

                                                      28.  (Ybraýym)  özünden  soň  geljek
                                                      (nesillere)  goýup  giden  dinine  ynsanlar
                                                      (eýererler  ýaly),  bu  sözüni  müdimilik
                                                      miras hökmünde galdyryp gitdi.


                                                      29. Takyk, Biz olary we ata-babalaryny
                                                      özlerine  hakykat  hem-de  pygamber
                                                      gelýänçä sakladyk.

                                                      30.  Emma  olara  hakykat  gelende:
                                                      «Bu  jadydan  ybaratdyr,  biz  ony  kabul
                                                      etmeris» diýipdiler.


                                                      31. Ol (Alla şärik goşanlar): «Bu Kuran
                                                      iki  şäheriň  (Mekgäniň  we  Medinäniň
                                                      adamlarynyň)  abraýlylaryndan  birine
                                                      iberilen bolsady (biz ony kabul ederdik)»

          23.  Biz  senden  öň  hem  haýsy  ýurda     diýdiler.
          duýduryş  beriji  (pygamberi)  iberen
          bolsak,   şol   ýurduň    barjamlylary:     32. Perwerdigäriň rahmetini, eýsem, olar
          «Ata-babalarymyzyň  anyk  bir  dine         paýlaýarlarmy?  Ýaşaýyşlaryny  üpjün
          uýýandyklaryny gördük, biz hem şolaryň      edýän  azyklaryny  olara  Biziň  Özümiz
          yzlaryna eýereris» diýýärdiler.             paýlap  berdik.  Olaryň  (ynsanlaryň)  bir
                                                      bölegi beýleki bir bölegini garamagynda
          24.  Pygamber  olara:  «Men  size  ata-     saklasyn  diýip,  birek-biregi  dereje
          babalaryňyzyň  uýan  dininden  has          taýdan tapawutlandyrdyk. Perwerdigäriň
          dogrusyny getiren bolsam hem (eýerjek       rahmeti  olaryň  ýygnan  baýlyklaryndan
          dälmi)?» diýende, olar: «Takyk, biz size    has haýyrlydyr.
          iberilen zady inkär edýäris» diýdiler.
                                                      33. Eger-de (iman getirmedik) ynsanlar
          25.  Biz  olardan  (jezalaryny  bermek      (inkär etmekde bileleşip) bitewi ymmat
          bilen)  arymyzy  aldyk.  (Haky)  ýalan      bolmak howpuny döretmedik bolsalardy,
          hasaplaýanlaryň ahwalynyň nähili bolup      onda Rahmany (Allany) inkär edenleriň
          gutarandygyny görüň!                        öýleriniň  üçeklerini  we  oňa  çykylýan
                                                      merdiwanlary  kümüşden  hem  edip
                                                      bererdik.

                                                                                        492
   486   487   488   489   490   491   492   493   494   495   496