Page 331 - Kurany Kerim Meali
P. 331

105.  Biz  Zikirden  (Töwratdan)  soň
                                                      Zeburda  hem:  «Takyk,  ýeriň  ýüzüni
                                                      salyhlar miras alar» diýip ýazypdyk.

                                                      106.  Takyk,  munda  Alla  gulluk  edýän
                                                      kowum üçin nesihatlar bardyr.


                                                      107. (Eý, Muhammet!) Biz seni älemlere
                                                      rahmet  (bolmagyňdan)  başga  (maksat
                                                      bilen) ibermedik.


                                                      108.  Sen  olara:  «Maňa  siziň  (ybadata
                                                      laýyk) hudaýyňyzyň diňe ýeke-täk Alla
                                                      bolmalydygy  wahyý  edildi,  siz  şuňa
                                                      boýun bolýarsyňyzmy?» diýip aýt.


                                                      109. Eger olar ýüz dönderseler, sen olara
                                                      aýt: «Men siziň hemmäňize deň derejede
                                                      duýdurdym,     size   berlen   wadanyň
          102.  Olar  dowzah  odunyň  şatyrdysyny     (kyýamatyň)  bolsa  ýakyndygyny  ýa-da
          eşitmezler  hem-de  olar  göwünleriniň      daşdygyny bilmeýärin.
          islän  nygmatlarynyň  içinde  ebedi
          galarlar.                                   110. Takyk, Alla sözüň äşgär aýdylanyny
                                                      hem,  siziň  içiňizde  saklaýanyňyzy  hem
          103.  Olary  iň  uly  gorky  (kyýamat       bilýändir.
          gopanda  boljak  howp-gorky)  hem
          gamlandyryp bilmez we perişdeler olary:     111.  Men  (munuň)  siziň  üçin  bir
          «Bu size wada berlen günüňizdir» diýip      synagdygyny  we  belli  bir  wagta  çenli
          garşy alarlar.                              size  peýda  berjekdigini  (azabyň  gijä
                                                      galdyryljakdygyny) bilýärin.
          104.  Asmany  ýazgyly  kagyz  ýaly
          düýrlejek günümizde (adamlary), ilkinji     112.  Eý,  Perwerdigärim!  Hak  bilen
          ýaradanymyzdaky ýaly, öňki ýagdaýyna        höküm  et!  Biziň  Perwerdigärimiz  siziň
          (täze dogan çaga ýaly edip) getireris. Bu   aýdyşyňyzyň     tersine   Mähribandyr,
          (Biziň)  Öz  üstümize  alan  wadamyzdyr.    kömek üçin diňe Oňa ýüz tutulýandyr».
          Takyk, biz ony ýerine ýetireris.

                                                                                        332
   326   327   328   329   330   331   332   333   334   335   336