Page 328 - Kurany Kerim Meali
P. 328
73. Olary, öz emrimize laýyklykda,
dogry ýola gönükdirýän ýolbaşçylar
etdik we olara ýagşy işleri etmegi, namaz
okamagy we zekat bermegi wahyý etdik.
Olar elmydama bize gulluk etdiler.
74. Luta pygamberlik hem-de ylym
berdik. Ony erbet işler bilen meşgul
bolýan oba-şäheriň halkyndan halas
etdik. Takyk, olar ýaramaz we örän
bozuk adamlardy.
75. Şeýdip, Biz Luta merhemet etdik, 79. Biz (dogry) çözgüdi Süleýmanyň
çünki ol ýagşy kişilerdendi. aňyna guýduk. Olaryň ikisine-de
pygamberlik hem-de ylym berdik.
76. Birmahallar bizi çagyryp (dileg Daglary we guşlary Dawut bilen tesbih
edeninde) Nuhuň hem dilegini kabul edýän edip boýun egdirdik. Bu zatlary
etdik, ony we maşgalasyny uly gam- eden Bizdik.
gussadan halas edipdik.
80. Birek-birege urýan zarbalaryňyzdan
77. Oňa aýatlarymyzy inkär edýän goramak üçin oňa (Dawuda) sowut
kowuma garşy (durmakda) kömek etdik. ýasamagy öwretdik. (Eý, ynsanlar! Siz
Takyk, olar ýaramaz bir kowumdy, (şol pygamberi tassyk edip, nygmatyma)
sebäpden) biz hem olaryň hemmesini şükür etmeýärsiňizmi?
gark etdik.
81. Süleýmana hem biziň mukaddeslik
78. Dawut bilen Süleýman bir kowumyň (bereket) beren ýerimize tarap onuň
goýun sürüsiniň daran ekini barada (Süleýmanyň) öz emri bilen öwüsýän
çözgüt çykarýarkalar, Biz olaryň güýçli ýel berdik. Biz ähli zady
çözgüdiniň hem şaýady bolupdyk. bilýändiris.
329

