Page 483 - Kurany Kerim Meali
P. 483

4. Asmandaky we ýerdäki her bir zadyň
                                                      eýeçiligi  Oňa  degişlidir.  Ol  Beýikdir,
                                                      Belentdir.


                                                      5.  Asmanlar  (Allanyň  gudratyndan  ýa-
                                                      da  müşrikleriň  şärik  goşmalaryndan
                                                      ýaňa)  depelerinden  ýarylaýjak  bolýar.
                                                      Perişdeler bolsa özleriniň Perwerdigärini
                                                      hamdy-sena  bilen  tesbih  edýärler  hem-
                                                      de ýerdäkileriň (ynsanlaryň) günäleriniň
                                                      geçmegini  dileýärler.  Unutmaň!  Takyk,
                                                      Alla Bagyşlaýjydyr, Rehim-şepagatlydyr.

                                                      6. Alla özünden özgäni dost tutunanlary
                                                      Alla  görüp  durandyr.  (Şonuň  üçin)  sen
                                                      olara goragçy (hemaýatkär) dälsiň!

                                                      7.  Şäherleriň  merkezi  (bolan  Mekgede)
                                                      we  onuň  daş-töweregindäki  (ýerlerde
                                                      adamlary)  habardar  etmegiň  hem-de
                                                      (boljagyna) hiç hili şek-şübhe bolmadyk
                                                      jemlenişik (kyýamat) güni barada olary
                                                      gorkuzmagyň  üçin  saňa  arap  dilinde
                                                      bolan Kurany ýolladyk. (Ynsanlaryň) bir
                                                      bölegi (iman getirip) jennete girse, ýene
                                                      bir bölegi (inkär edip) dowzaha girerler.


                                                      8.  Alla  islesedi,  olary  ýeke-täk  ymmat
                42-nji süre: «Şura» («Geňeş»)         hem  ederdi.  Emma  Ol  islänini  (iman
                                                      getirendikleri  üçin)  rahmetine  gowşar
          «Şura»  süresi  Mekgede  inen  sürelerden  bolup,   ýaly  eder.  Zalymlaryň  bolsa  (hakykaty
          ol  53  aýatdan  ybaratdyr.  Süräniň  ady  38-nji   inkär edendikleri sebäpli) hiç hili dosty
          aýatda agzalýan «Geňeş, maslahat» manylaryny   we goldawçysy bolmaz.
          aňladýan  «Şura»  sözünden  gelip  çykýar.  Bu
          sürede  musulmanlaryň  işlerini  öz  aralarynda
          maslahat  bilen  berjaý  etmelidikleri  barada   9.  Ýa-da  olar  Alladan  özgäni  dost
          aýdylýar.                                   tutundylarmyka? Ýöne hakyky dost diňe
                                                      Alladyr. Ol ölülere jan berýändir, Onuň
            Rahman (Mähriban) we Rahym (Rehim-        ähli zada güýji ýetýändir.
                şepagatly) Allanyň ady bilen
                                                      10.  Siziň  ylalaşman  ýören  islendik
          1, 2. Ha, Mim, Aýn, Sin, Kaf.               meseläňizde        höküm        bermek
                                                      Allanyň  işidir.  Ine,  şu  Alla  meniň
          3. Gudraty güýçli (we) hikmet eýesi Alla    Perwerdigärimdir.  Men  diňe  Oňa  bil
          saňa we senden öňki (ötenlere), ine, şeýle   baglaýaryn we (her babatda) ýönelýärin
          wahy edýär (habar berýär).                  (sygynýaryn).




                                                                                        484
   478   479   480   481   482   483   484   485   486   487   488