Page 481 - Kurany Kerim Meali
P. 481

41.  Özlerine  kitap  iberilen  wagty  ony
                                                      inkär  edenler  heläk  bolarlar,  azaba
                                                      duçar  bolarlar. Ol  (Kuran) mübärek  bir
                                                      kitapdyr.

                                                      42.  Onuň  öňünden  hem,  yzyndan  hem
                                                      batyl (ýalan) gelmez. Ol hikmet eýesi we
                                                      aşa köp öwgä mynasyp Alla tarapyndan
                                                      iberilen kitapdyr.

                                                      43.  (Eý,  Muhammet!)  Saňa  aýdylanlar
                                                      senden  öň  ýaşap  geçen  pygamberlere
                                                      aýdylanlardan  başga  zat  däldir.  Takyk,
                                                      seniň Perwerdigäriň ýalkaw eýesi, hem-
                                                      de (günäkärlere) biçak azap berer.


                                                      44.  Eger  biz  Kurany  (arap  dilinden)
                                                      başga  dil  (bilen  beýan)  etsedik,  onda
                                                      olar:  «Kuran  aýatlary  jikme-jik  beýan
                                                      edilmeli  dälmi  (näme),  özge  dildäki
                                                      kitaba  araplar  nädip  (düşünsinler)?»
                                                      diýerdiler. Sen (olara): «Onuň ynsanlara
                                                      dogry ýoly görkezýän (kitapdygyny) we
                                                      şypadygyny»  aýt.  Iman  getirmedikleriň
                                                      gulaklarynda  agyrlyk  (kerlik)  bolup,
          39.  Seniň  ýeri  gurap  ýatan  ýagdaýda    Kuran  olara  ýapykdyr.  Göýä,  olara
          görmegiň hem Allanyň aýatlaryndandyr        daşdan gygyrylýan ýaly (Kuranda näme
          (alamatlaryndandyr).   (Sebäbi)    Biz      diýilýänine düşünmezler).
          ýere  suwy  (ygaly)  ýagdyranymyzda,
          (ösümlikler)   gymyldaşyp,     gögerip      45.  Kasam  bolsun!  Biz  Musa  kitap
          çykýar.  Oňa  (guran  ýere)  jan  berýän,   (Töwraty)  berdik.  Ol  hakda  hem
          elbetde,  ölüleri  hem  direlder.  Ol  ähli   düşünişmezlik  (gapma-garşylyk)  edildi.
          zada güýç ýetirýändir.                      Eger  Perwerdigäriň  tarapyndan  söz
                                                      aýdylmadyk  bolup  (hasap  kyýamata
          40.  Aýatlarymyz  hakda  dogrulykdan        goýulmadyk  bolsady),  onda  olaryň
          daşlaşyp,  ýalňyş  ýola  girenler  bize     aralarynda  höküm  edilerdi  (temmileri
          gizlin  däldir  (olardan  habardardyrys).   berlerdi).  Olar  Kuran  barada  hem  şek-
          Dowzah  oduna  taşlanjak  has  gowumy,      şübhe edýärler.
          ýa-da  kyýamat  güni  (dowzah  odundan
          halas  bolup)  ynamly  ýagdaýda  geljek     46. Kim ýagşy iş etse, öz peýdasynadyr.
          gowumy?  Siz  isläniňizi  ediň?!  Elbetde,   Kim  erbet  iş  etse,  öz  zyýanynadyr.
          Ol siziň edýän işleriňizi görüp durandyr.   Perwerdigäriňiz  bendelere  zalymlyk
                                                      (adalatsyzlyk) etmez!


                                                                                        482
   476   477   478   479   480   481   482   483   484   485   486