Page 426 - Kurany Kerim Meali
P. 426

55. Olara (pygamberiň aýallaryna) öz ata-
                babalary, ogullary, doganlary, erkek we
                aýal  doganlarynyň  ogullary,  musulman
                aýallar  we  gol  astyndaky  gyrnaklary
                bilen  baglanyşykly  (hyjaplaryny  doly
                saklamazlykda) hiç hili günä ýokdur. (Eý,
                pygamberiň  aýallary!) Alladan  gorkuň!
                Takyk, Alla ähli zady görüp durandyr.


                56.  Takyk,  Alla  we  Onuň  perişdeleri
                pygambere salawat aýdýarlar. Eý, iman
                getirenler!  Siz  hem  oňa  salawat  aýdyň
                we  oňa  ýürekden  salam  bermek  bilen
                salamatlyk diläň!
                                                             Rehim-şepagatlydyr.
                57.  Allany  we  Onuň  ilçisini  ynjydan
                kişileri  Alla  dünýäde  we  ahyretde        60.  Eger  mynapyklar  (ikiýüzlüler),
                näletledi  we  olara  jebir-jepaly  azap     ýüreklerinde  hassalyk  bolanlar  we
                taýýarlady.                                  Medinede  erbet  gep-gürrüň  ýaýradýan
                                                             kişiler  bu  gylyklaryny  goýmasalar,  Biz
                58. Mömin erkeklere we mömin aýallara        seni  olara  musallat  ederis.  Şondan  soň
                etmedik zatlary sebäpli, ezýet edýänler,     olar seniň ýanyňda uzak wagtlap durup
                takyk, örän uly töhmeti we äşgär günäni      bilmezler.
                öz üstlerine ýükleýärler.
                                                             61. Olaryň hemmesi näletlenen ýagdaýda
                59.    Eý,    pygamber!     Aýallaryňa,      görlen  ýerlerinde  tutularlar  we  ýok
                gyzlaryňa  we  möminleriň  aýallaryna        edilerler.
                (daşary  çykanlarynda)  üstki  örtgülerini
                örtünmeklerini     aýt.   Bu     olaryň      62. Bu Allanyň öň ötüp-geçenler hakdaky
                tanalmaklary  we  ynjydylmazlyklary          kanunydyr  we  Allanyň  kanunyny
                üçin iň dogrusydyr. Alla Bagyşlaýjydyr,      üýtgetmäge    hiç    hili   mümkinçilik
                                                             tapmarsyň.

                                                                                                 427
   421   422   423   424   425   426   427   428   429   430   431