Page 422 - Kurany Kerim Meali
P. 422

31.  Emma  sizden  kim  Alla  we  Onuň
                ilçisine  tabyn  bolup,  gowy  işler  etse,
                onuň sylagyny hem iki esse bereris we
                Biz  oňa  (jennetde)  bol  rysgal,  nygmat
                taýýarladyk.


                32.  Eý,  pygamberiň  aýallary!  Siz
                (Allanyň ýanyndaky mertebede) beýleki
                zenanlar  ýaly  dälsiňiz.  Eger  Alladan
                gorkýan bolsaňyz, (nämährem erkeklere)
                näz  bilen  seslenmäň!  Çünki  ýüreginde
                hassalyk  bolan  kişi  (aýallara  bolan
                höwese) tamakin bolar. Elmydama ýagşy        salyň! Takyk, Alla pazly-kerem eýesidir,
                sözläň!                                      (ähli zatdan) habardardyr.


                33.  (Mertebäňizi  saklap),  öýleriňizde     35. Takyk, Alla musulman erkeklere we
                oturyň  we  (bir  iş  bilen  çykanyňyzda     zenanlara, mömin erkeklere we zenanlara,
                bolsa,  yslamdan)  öňki  döwürdäki  ýaly     yhlas bilen Alla ybadat edýän erkeklere
                (ýarym-ýalaňaç)  bezenmäň!  Namazy           we  zenanlara,  Allanyň  sadyk  gullary
                doly  berjaý  ediň,  zekat  beriň! Alla  we   bolan  erkeklere  we  zenanlara,  sabyrly
                Onuň ilçisine tabyn boluň! Eý, ähli-beýt     erkeklere we zenanlara, Alladan gorkýan
                (pygamberiň maşgalasy)! Alla (bu zatlary     we  çekinýän  erkeklere  we  zenanlara,
                aýtmak  bilen)  diňe  (siziň  abraýyňyza     sadaka  berýän  erkeklere  we  zenanlara,
                şikes  ýetirip  biljek)  zeperi  arassalamak   oraza  tutýan  erkeklere  we  zenanlara,
                we sizi günälerden päklemek isleýär.         namyslaryny  goraýan  (zyna  etmeýän)
                                                             erkeklere we zenanlara, Allany köp zikir
                34. Siz öz öýleriňizde okalýan Allanyň       edýän (ýatlaýan) erkeklere we zenanlara
                aýatlaryny    we     paýhasly    sözleri     ýalkaw we uly sylag taýýarlady.
                (pygamberiň  hadyslaryny)  ýadyňyza


                                                                                                 423
   417   418   419   420   421   422   423   424   425   426   427