Page 396 - Kurany Kerim Meali
P. 396

85. (Eý, Muhammet!) Kurany saňa parz
                eden (inderen Alla) takyk, seni dolanyp
                barjak  ýeriňe  gaýtaryp  elter.  Onda  sen:
                «Meniň  Perwerdigärim  dogry  ýol  bilen
                geleni  hem,  äşgär  azgynlykda  bolany
                hem gaty gowy bilýändir» diýip aýt.

                86.  (Eý,  Muhammet!)  Sen  özüňe  kitap
                berler  diýip  garaşmaýardyň,  ýöne  bu
                Perwerdigäriňden saňa bir merhemetdir.
                Şonuň üçin hem, hergiz, kapyrlara arka
                çykma!

                87.     Özüňe      Allanyň      aýatlary
                inderilenden  soň,  olar  (kapyrlar)  hergiz
                seni  bu  aýatlardan  döndermesinler.
                Perwerdigäriňe  dileg-doga  et  hem-de
                hergiz Oňa şärik goşýanlardan bolma!


                88.  Allanyň  ýany  bilen  başga  hudaýy
                çagyrma (ybadat etme)! Onuň Özünden
                başga  (ybadata  laýyk)  hudaý  ýokdur.
                Ondan başga ähli zat heläk bolar. Höküm
                bermek  Onuň  ygtyýaryndadyr  hem-de
                siz Oňa dolanyp bararsyňyz.

                     29-njy süre: «Ankebut» («Möý»)

                «Ankebut»  süresi  Mekgede  inen  sürelerden
                bolup, ol 69 aýatdan ybaratdyr. Sürede möminlere
                kapyrlaryň zulum-sütemlerine çydam etmekleri,   bilýändir.
                zerur  bolsa  göç  etmekleri,  ahyret  we  Allanyň
                birligi  ýaly  meseleler  barada  aýdylýar.  Süräniň
                ady 41-nji aýatda agzalýan «Ankebut» sözünden   4.  Ýa-da  erbet  işler  edýänler  Bizden
                alnandyr.                                    gaçyp gutularys öýtdülermi? Olar nähili
                                                             erbet netijä gelýärler.
                  Rahman (Mähriban) we Rahym (Rehim-
                       şepagatly) Allanyň ady bilen          5.  Kim  Alla  gowuşmagy  umyt  edýän
                                                             bolsa,  Allanyň  (belläp  goýan)  wagty
                1. Elif, Läm, Mim.                           hökman  geler.  Ol  ähli  zady  eşidýändir,
                                                             bilýändir.
                2.  Ynsanlar  diňe  «Biz  iman  getirdik»
                diýenleri   bilen   synag   edilmezden       6.  Kim  (Allanyň  duşmanlaryna  garşy)
                goýberilerler öýtdülermi?                    söweşse, (aslynda) diňe öz bähbidi üçin
                                                             söweşýändir,  (ýagny  Alla  bendesiniň
                3.  Biz  olardan  öňküleri  hem  synagdan    söweşmegine  mätäç  däldir.  Her  kim
                geçiripdik.  Takyk,  Alla  dogrusyny         tagalla etse, özüne sogap bolar). Takyk,
                aýdanlary-da     (imanlaryna    wepaly       Alla  älemdäki  ähli  zatlardan  Baýdyr
                bendeleri-de),  ýalan  sözleýänleri-de       (olara mätäç däldir).

                                                                                                 397
   391   392   393   394   395   396   397   398   399   400   401