Page 394 - Kurany Kerim Meali
P. 394

71.  (Ey,  Muhammet!)  Sen  (olara):
                «Hakykaty  habar  beriň!  Eger  Alla
                gijäni  kyýamata  çenli  dowamly  edip
                üstüňizde  goýsa,  Alladan  özge  size
                ýagtylygy  getirip  biljek  hudaý  kim,
                eşitmeýärsiňizmi?» diýip aýt.

                72. (Ey, Muhammet!) Sen ýene-de olara:
                «Hany  habar  beriň!  Eger  Alla  gündizi
                kyýamata çenli dowamly edip üstüňizde
                goýsa,  Alladan  özge  size  içinde  dynç
                alýan gijäňizi getirip biljek hudaý barmy,
                muňa akylyňyz ýetmeýärmi?» diýip aýt.


                73.  Siziň  üçin  gijäni  we  gündizi  dynç
                almagyňyz  hem-de  (zähmet  çekip)
                Onuň      peýdasyndan     (rysgalyňyzy)      Ol  olara  (kowumyna)  garşy  azgynlyk
                gazanmagyňyz we şükür etmegiňiz üçin         etdi.  Biz  oňa  şeýle  bir  hazynalar
                ýaratmagy  hem  Onuň  merhemetinden          berdik  welin,  (bu  hazynalaryň  özüni
                nyşandyr.                                    däl)  diňe  açarlaryny  götereninde  hem,
                                                             (Onuň)  güýçli-kuwwatly  bir  topar
                74. Ol gün Alla olara ýüzlenip: «Hany,       (ynsanynyň) bili bükülýärdi. Şol sebäpli,
                siziň Meniň şäriklerimdigini güman eden      kowumdaşlary  oňa:  «Sen  men-menlik
                (hudaýlaryňyz) nirede?» diýer.               etme! Takyk, Alla men-menlik edýänleri
                                                             halamaz.
                75.  Biz  her  bir  ymmatdan  bir  şaýat
                çykararys.  Olara:  «Hany,  delilleriňizi    77.  Allanyň  özüňe  beren  baýlygyndan
                getiriň»  diýeris.  Şonda  olar  hakykatyň   (zekat-sadaka berip) ahyret ýurduny hem
                ýalňyz  Alla  degişlidigini,  toslap  tapan   gözle! Dünýäden hem nesibäňi unutma!
                hudaýlarynyň  bolsa  ýitip  gidendigini      Allanyň saňa ýagşylyk edişi ýaly, sen hem
                bilip galarlar.                              (Allanyň bendelerine) ýagşylyk et! Ýeriň
                                                             ýüzünde bozgaklyk döretme. Takyk, Alla
                76. Karun hem Musanyň kowumyndandy.          bozgaklary halamaz» diýipdiler.


                                                                                                 395
   389   390   391   392   393   394   395   396   397   398   399