Page 124 - Kurany Kerim Meali
P. 124

96.  Size  we  ýolagçylara  peýda  bolsun
                diýip,  deňiz  (jandarynyň)  awy  we
                ony  iýmek  size  halal  edildi.  Yhramly
                wagtyňyzda  gury  ýer  (haýwanlaryny)
                awlamak  size  haram  edildi.  (Kyýamat
                güni)  huzuryna  jemlenjek  Allaňyzdan
                gorkuň!

                97. Alla  Käbäni  we  haram  aýy,  sadaka
                iberilen  (haj  gurbanlygyny)  we  (olara
                dakylan)  bellikleri  ynsanlaryň  (dini  we
                dünýewi  işlerini)  ýöretmekleri  üçin
                (sebäp  edip)  goýdy.  Bular  Allanyň
                asmanlardaky  we  ýerdäki  (ähli)  zatlary
                bilýändigini we siziň Allanyň (siziň üçin
                peýdaly  ýa-da  peýdasyz)  hemme  zady
                bilýändigini bilmegiňiz üçindir.


                98.  Bilip  goýuň,  Allanyň  azaby
                ýowuzdyr.  Takyk,  Alla  Bagyşlaýjydyr,
                Rehim-şepagatlydyr.


                99.  Pygamberiň  (wezipesi)  diňe  (dini)
                ýetirmekdir.  Alla  siziň  äşgär  we  gizlin
                edýän (ähli) zatlaryňyzy bilýändir.


                100.  (Eý,  Muhammet!)  Aýt:  «Näpäk
                (haram) zatlaryň köplügi seniň göwnüňe       103. Alla bahiradan, säibeden, wasyladan
                ýarasa-da,  näpäk  (haram)  zat  bilen  päk   we hamydan hiç zat (emir) eden däldir.
                (halal) zat deň bolmaz». Eý, akyl eýeleri!   Ýöne  kapyrlar  (muny  bize  Alla  emir
                Halas bolmagyňyz üçin Alladan gorkuň!
                                                             etdi  diýip)  Allanyň  (adyndan)  ýalan
                                                             toslaýarlar.  Olaryň  köpüsi  (sada  halk)
                101. Eý, iman getirenler! Beýan edilende     muňa (bu ýalana) akyl ýetirip bilmezler.
                göwnüňize  ýaramajak  (zatlar  hakda)
                soramaň!  Eger  Kuran  inderilýän  wagty
                sorasaňyz, size (ýaramajak zatlar) beýan     Düşündiriş: Yslamdan öňki nadanlyk döwründäki
                ediler. Alla olar (beýan etmedik zatlary)    araplaryň  ynanç  adatlaryna  görä:  Bahira  –  bäş
                üçin  sizi  bagyşlady  (indi  oňa  gaýdyp    gezek botlan, iň soňkusy hem urkaçy bolan düýe.
                gelmäň). Alla Bagyşlaýjydyr, Halymdyr        Onuň  gulagyny  dilip  bellik  edýärler,  süýdüni
                (howlugýan däldir).                          bolsa  butlara  bagyşlaýarlar.  Säibe  –  butlara
                                                             bagyşlanan,  süýdüni  bolsa  diňe  ýolagçylaryň
                102.  Sizden  öň  hem  bir  kowum  olar      içmegi dogry bolan düýe. Wasyla – erkek köşek
                barada  sorapdy.  (Soraglaryna  jogap        botlamazdan  yzly-yzyna  iki  gezek  inen  köşek
                gelenden)  soň  (bolsa),  olar  ony  inkär   botlan düýe. Ol düýe hem butlara bagyş edilýän
                etdiler.                                     ekeni. Hamy – özünden on köşek alnandan soň,
                                                             butlara  bagyş  edilen  düýe.  Ondan  soň  bu  düýä
                                                             hiç hili ýük ýüklemek bolmaýar eken.

                                                                                                 125
   119   120   121   122   123   124   125   126   127   128   129