Page 468 - Kurany Kerim Meali
P. 468

8. Eý, Perwerdigärimiz! Ol (möminleri),
                olaryň  ata-babalarynyň,  aýallarynyň,
                nesilleriniň içinden salyh kişilerini Seniň
                wada beren «Adn» jennetleriňe ýerleşdir!
                Takyk, Gudraty güýçli we hikmet eýesi
                bolan Alla Özüňsiň!

                9.  Sen  ol  (möminleri  her  hili)  erbet
                işlerden gorap sakla! Ol (kyýamat) güni
                Sen kimi erbet işlerden gorap saklasaň,
                elbetde,  ol  rahmetiňe  gowşan  (nesibeli
                bende bolar). Ine, bu (iň) uly üstünlikdir!

                10.  Inkär  eden  kapyrlara:  «Elbetde,
                Allanyň gazaby siziň öz-özüňize edýän
                gazabyňyzdan  (erbetlikleriňizden)  has
                ýowuzdyr.  Sebäbi,  siz  iman  getirmäge
                çagyrylyp durkaňyz hem, (kabul etmän)
                inkär edýärsiňiz» diýler.

                11. Ol (kapyrlar): «Eý, Perwerdigärimiz!
                Biziň  iki  gezek  (enemiziň  göwresinde
                nutfa (suw) bolup, heniz jan gelmezden
                öň we pany dünýäde ajalymyz ýetende)
                janymyzy  aldyň,  iki  gezek  (pany
                dünýäde  doglanymyzda  we  magşarda
                direlenimizde)  jan  berdiň!  Biz  eden
                günälerimizi boýun aldyk. (Mundan soň
                bu dowzah odundan) çykalga barmyka?»         yhlasly bolup, dini ýalňyz özüne degişli
                diýerler.                                    edip, Alla doga-dileg ediň!

                12.     (Olara:     Dowzah        oduna      15.  Derejeleri  beýgeldýän  Arşyň  eýesi
                taşlanmagyňyzyň düýp) sebäbi siz ýeke-       (Alladyr).   Ol   duşuşyk    (kyýamat)
                täk  Alla  (ybadat  etmäge)  çagyrylan       gününiň  (boljakdygyny)  duýdurmak
                wagtyňyz     Ony    inkär    edýärdiňiz,     üçin  bendeleriniň  arasyndan  islänine
                Oňa  şärik  toslanyp  ýöňkelende  bolsa      (pygamberlere)  Öz  emrindäki  ruhy
                ynanýardyňyz.  Indi  höküm  bermek           (eradasyna degişli wahyý) inderer.
                beýikleriň beýigi Allanyňkydyr» (diýler).
                                                             16.   Kyýamat     güni   ol   (ynsanlar
                13.  Size  aýatlaryny  (alamatlaryny)        guburlaryndan)     daşyna     çykarylar.
                görkezýän,  siziň  üçin  asmandan  (ygal     Olaryň  Alladan  gizläp  biljek  hiç  hili
                bilen)  rysgal  inderýän Alladyr. Allanyň    zatlary  ýokdur.  Bu  (kyýamat)  güni
                (ýoluna)  ýönelýänlerden  başga  adamlar     hökmürowanlyk  kimiňkikä?  Elbetde,
                pent-nesihat almaýarlar.                     hemme  zadyň  hötdesinden  gelmegi
                                                             başarýan ýeke-täk Allanyňkydyr.
                14.  Kapyrlar  halamasa  hem,  hakyky


                                                                                                 469
   463   464   465   466   467   468   469   470   471   472   473