Page 432 - Kurany Kerim Meali
P. 432

32.  Ulumsylyk  edenler  ejiz  görlenlere:
                «Size dogry ýol geleninden soň, ondan
                sizi biz gaýtardykmy? Ýok! Tersine, siz
                günä edýärdiňiz» diýerler.

                33.  Ejiz  görlenler  ulumsylyk  edenlere:
                «Gije-gündiz siziň işiňiz hile gurmakdy.
                Çünki,  siz  hemişe  bize  Allany  inkär
                etmegimizi we Oňa şärik goşmagymyzy
                buýurýardyňyz»  diýerler.  (Olar  iki
                topar  hem)  azaby  görenlerinde  bolsa,
                ökünçlerini gizlediler. Biz hem ol inkär
                edenleriň  boýunlaryna  demir  halkalar
                dakdyk. Olar diňe eden işleriniň jezasyny
                çekerler.

                34.  Biz  haýsy  sebite  bir  duýduryjy      edýänler  ýakynlaşyp  biler.  Ine,  şolaryň
                (pygamber)  ibersek,  şol  ýeriň  azgyn      eden ýagşy işleri üçin sylaglary esse-esse
                gurplulary:  «Biz  siziň  iberen  zadyňyzy   artdyrylar  we  olar  jennetiň  köşklerinde
                inkär edýäris» diýdiler.                     asudalyk içinde bolarlar.

                35. Ýene olar: «Biz baýlyk we perzent        38.  Aýatlarymyzyň  öwüt-ündewlerini
                taýdan sizden has köp. Şonuň üçin bize       ýok  etmek  üçin,  jan  edip  urunýanlar
                azap berilmez» diýdiler.                     bolsa, azaba duçar edilerler.

                36.    Sen-de    olara   aýt:   «Takyk,      39.  Olara  aýt:  «Takyk,  Perwerdigärim
                Perwerdigärim  islänine  rysgaly  bol        bendelerinden islänine bol rysgal berer,
                berer, (islänine bolsa) kem berer. Emma      islänini  bolsa  kemrysgal  eder.  Siz
                köp adamlar muny bilmezler.                  haýyr-sahawat  hökmünde  näme  sarp
                                                             etseňiz, Alla onuň deregine başga rysgal
                37. Biziň huzurymyza sizi ne baýlygyňyz      ýetirer.  Ol  rysgal-döwlet  berýänleriň  iň
                ne-de perzentleriňiz ýakynlaşdyryp biler.    haýyrlysydyr.
                (Bize)  diňe  iman  getirip,  ýagşy  işleri


                                                                                                 433
   427   428   429   430   431   432   433   434   435   436   437