Page 384 - Kurany Kerim Meali
P. 384

77.  Takyk,  ol  (Kuran)  möminler  üçin
                ýolbelet hem-de rahmetdir.


                78.  Takyk,  seniň  Perwerdigäriň  olaryň
                (ysraýyl ogullarynyň) arasyny öz hökümi
                bilen çözer. Ol Gudraty güýçlüdir, (ähli
                zady) bilýändir.


                79.  Sen  Alla  bil  bagla!  Çünki  seniň
                barýan ýoluň äşgär hakykatdyr.

                80.  Sen  (sözleriňi)  ölülere  eşitdirip
                bilmersiň  we  eger  yzlaryna  öwrülen
                bolsalar, kerlere hem eşitdirip bilmersiň.

                81.  Sen  körleri  hem  azaşan  ýolundan
                dogry    ýola   gönükdirip    bilmersiň.
                Sen  çakylygy  diňe  nyşanalarymyza
                (mugjyzalarymyza)  iman  getirenlere
                eşitdirip  bilersiň.  Hakyky  boýun  bolan
                hem şolardyr.

                82. Olara wada berlen söz (azap) hakykata
                öwrülende,  (Biz)  olar  üçin  ýerden
                ynsanlaryň biziň aýatlarymyza ýürekden
                iman  getirmeýändiklerini  aýdýan  bir
                haýwan  (kyýamatyň  alamatlarynyň  biri      86.  Olar  biziň  gijäni  dynç  almaklary
                bolan dört aýakly jandar) çykararys.         üçin,  gündizi  bolsa  ýagtyldyjy  edip

                                                             ýaradandygymyzy         görmeýärlermi?
                83.  Ol  gün  (kyýamt  güni)  her  bir       Takyk, munda iman getiren kowum üçin
                kowumdan        aýatlarymyzy      ýalan      ybrat bardyr.
                hasaplanlary  topar-topar  edip  jemläris.
                Olar  hasap  meýdanyna  eltilmek  üçin       87.   Sura    üflenip,  Allanyň    islän
                nyzama durarlar.                             kişilerinden  başga  asmanlardaky  we
                                                             ýerdäki kişileriň hemmesi (ölüme eltýän)
                84.  Olar  gelenlerinde, Alla  olara:  «Siz,   uly  gorka  düşjek  we  hemmeleriň  oňa
                nämedigine  doly  akyl  ýetirmezden,         boýun egip geljek gününi (ýatlaň).
                Meniň aýatlarymy (gudratlarymy) ýalan
                hasapladyňyzmy?  Ýa  bolmasa  başga          88.  Sen  daglary  (görüp)  hereketsizdir
                näme etdiňiz?!» diýer.                       öýdersiň.  Aslynda  bolsa,  olar  bulutlar
                                                             ýaly  hereket  edýändir.  Bu  ähli  zady
                85. Eden zulumlary sebäpli, olara wada       mäkäm  eden  Allanyň  sungatydyr.
                berlen  söz  (azap)  hakykata  öwrülendir,   Takyk, Ol siziň edýän (ähli) işleriňizden
                indi olar gepläp hem bilmezler.              habardardyr.


                                                                                                 385
   379   380   381   382   383   384   385   386   387   388   389