Page 372 - Kurany Kerim Meali
P. 372
112. Nuh: «Men olaryň näme iş edýänlerini
bilmerin.
113. Eger siz akyl ýetirseňiz, olaryň hasaby
diňe Perwerdigärime degişlidir.
114. Men (siziň sözüňize gidip) iman
getirenleri (ýanymdan) kowmaryn.
115. Men diňe äşgär bir duýduryjydyryn»
diýdi.
116. Olar: «Eý, Nuh! Eger sen bu işiňden
dänmeseň, takyk, seni daşlarys» diýdiler.
117. Nuh: «Eý, Perwerdigärim! Takyk,
kowumym meni ýalan hasaplady.
118. Men bilen olaryň aralaryny doly aç,
meni we ýanymdaky iman getirenleri halas
et!» diýdi.
119. Biz ony we ýanyndakylary içi doly
gämide halas etdik.
120. Soň olaryň yzynda galanlary hem gark
etdik.
121. Takyk, munda ybrat bardyr. Olaryň
köpüsi bolsa iman getirmedi.
122. Takyk, seniň Perwerdigäriň Gudraty 129. Baky galarys öýdüp, köşk-ymaratlar
güýçlüdir, Rehim-şepagatlydyr. edinýärsiňizmi?
123. Ad (kowumy hem) pygamberleri ýalan 130. Beýlekileriň hak-hukugyny äsgermän,
hasaplapdylar. adamlara garşy zalymlaryňky ýaly
daraşýarsyňyzmy?
124. Olara öz doganlary bolan Hud: «Alladan
gorkmaýarsyňyzmy? 131. Alladan gorkuň we maňa boýun boluň!
125. Men size iberilen ynamdar bir ilçidirin. 132. Bilýän ähli zatlaryňyzy size üpjün
edenden gorkuň!
126. Onda Alladan gorkuň we maňa boýun
boluň! 133. Ol size mal-mülk we perzentler berdi.
127. Men munuň üçin sizden sylag 134. Bag-bakjalar we çeşmeler berdi.
soramaýaryn. Meni sylaglajak diňe älemleriň
Perwerdigäridir. 135. Men size uly günüň azabynyň
gelmeginden gorkýaryn» diýdi.
128. Bolgusyz işler bilen meşgul bolup,
her depä (oýun-tomaşa üçin) bir ýadygärlik 136. Olar: «Sen bize wagyz-nesihat etseňem,
gurýarsyňyzmy? etmeseňem, bary birdir.
373

