Page 272 - Kurany Kerim Meali
P. 272

43. (Eý, Muhammet!) Biz senden öň hem
                özlerine wahyý iberen adamlarymyzdan
                başgasyny  (pygamber  edip)  ibermedik.
                Eger bilmeýän bolsaňyz, onda (Töwraty
                we Injili) bilýänlerden soraň?


                44.  (Ol  pygamberleri)  äşgär  deliller
                we  (ylahy)  kitaplar  bilen  iberdik.  (Eý,
                Muhammet!  Biz)  saňa  Zikiri  (Kurany)
                inderdik.  (Muny)  ynsanlara  özlerine
                inderilen zatlary beýan etmegi we olaryň
                pikirlenmekleri üçin (inderdik).


                45.  Hilegärlik  bilen  ýamanlyklary
                guraýanlar,  (bir  gün)  Allanyň  özlerini
                ýeriň    astyna   dykmajagyna     ýa-da
                garaşmaýan ýerinden azabyň gelmejegine
                ynamlary barmyka?

                46.  Ýa-da  aýlanyp  ýörkäler  (azabyň)
                olary tutmajagyna (ynamlary barmyka)?
                Şonda olar (azaby) sowup bilmezler.


                47.  Ýa-da  (azabyň)  olary  howp
                astyndakalar  tutmajagyna  (ynamlary         51. Alla: «Iki hudaý tutunmaň! Çünki Ol
                barmyka)? Takyk, Perwerdigäriňiz örän        ýeke-täk Alladyr. Diňe Menden gorkuň!»
                Mähirlidir, Rehim-şepagatlydyr.              diýdi.


                48.  Allanyň  ýaradan  zadyndan  (bir        52.  Asmanlardaky  we  ýerdäki  ähli
                toparynyň) kölegeleriniň sagdan-çepden       zat  Onuňkydyr.  Din  (ybadat)  hem
                Alla sežde edip, agyp-dönüşini, (şeýdip)     elmydama Onuňkydyr (diňe Oňa mahsus
                olaryň boýun egişlerini görmeýärlermi?       bolmalydyr).  Eýsem-de,  siz  Alladan
                                                             başgasyndan gorkýarsyňyzmy?

                49.  Asmanlardaky  we  ýerdäki  ähli
                jandarlar we perişdeler tekepbirlik (men-    53.  Size  ýeten  her  nygmat Alladandyr.
                menlik) etmän, Alla üçin sežde ederler.      Soň  size  zyýan  ýetende,  dessine,  Oňa
                                                             ýalbarýarsyňyz.

                50.         Olar        ýokarlaryndaky
                Perwerdigärinden  gorkarlar  we  emir        54.   Soň     (Alla)   sizden   zyýany
                edilen zatlary ýerine ýetirerler.            sowanda,  araňyzdan  bir  topar  derrew
                                                             Perwerdigärine şärik goşýarlar.

                                                                                                 273
   267   268   269   270   271   272   273   274   275   276   277