Page 103 - Kurany Kerim Meali
P. 103
düşünişmezlige düşenler bu (Isanyň
öldürilendigi) barada şeke düşdüler.
Olaryň bu (meselede) gümana uýmakdan
başga hiç hili (anyk) bilýän zatlary ýokdur.
Olar ony (Isany) anyk öldürmediler.
158. (Gaýtam) tersine, Alla ony (Isany) Öz
ýanyna (ikinji gat asmana) galdyrdy. Alla
Gudraty güýçlüdir, hikmet eýesidir.
Düşündiriş: Isa pygamberi öldürip, haça çüýlemekçi
bolanlar ýahudylardyr. Ýöne olar Isa pygamberiň
deregine başga bir şahsy haja çüýleýärler. Alla
Isa pygamberi ikinji gat asmana galdyrýar. Isa
pygamber hakda oňuşman, çaprazlyga düşenler
bolsa nasranylardyr.
159. Her bir ähli-kitap (nasranylar) öz
ölüminiň öň ýany hökman oňa (Isa) iman
getirer. Kyýamat magşar gününde bolsa
(Isa) olaryň garşysyna şaýat bolar.
Düşündiriş: Ýahudylar Isanyň pygamberligini
inkär edip, oňa ynanmaýarlar, nasranylar bolsa
ony hudaý hasaplaýarlar. Emma nasranylar soňky
demlerinde onuň Allanyň guly we ilçisidigine
hökman ynanarlar. Ýöne şol wagtky getirilen iman
peýda bermez. Hadyslarda aýdylyşyna görä, Isa
pygamber kyýamat golaýlaşanda gelip, hak diniň
yslamdygyny jar eder we nasranylar (hristianlar)
oňa iman getirerler.
155. Bes, olar beren sözlerini 160. Ýahudylaryň (bu çendenaşa) zulumy
bozandyklary, Allanyň aýatlaryny inkär we (ynsanlaryň) köpüsini Allanyň
edendikleri, pygamberleri nähak ýere ýolundan dönderendikleri sebäpli, (öň)
öldürendikleri hem-de «kalplarymyz özlerine halal edilen päk zatlary olara
perdelidir» diýendikleri sebäpli, (Biz haram etdik.
olary näletledik). Ýok! (Olaryň kalplary
perdeli däldir), tersine, inkär edendikleri 161. Gadagan edilendigine (garamazdan)
sebäpli, Alla olaryň kalplaryny süýthorlyk edendikleri we ynsanlaryň
möhürländir. Olaryň azy bolmasa emlägini nähak ýere iýendikleri sebäpli,
(köpüsi) iman getirmezler. (ol halal zatlar olara haram edildi). Olaryň
içlerinden kapyrlara jebir-jepaly azap
156, 157. (Şeýle hem) inkär edendikleri taýýarladyk.
we Merýeme uly töhmet (atyp): «Biz
Allanyň ilçisi, Merýem ogly Mesih 162. Ýöne olardan ylymda çuňlaşanlara,
Isany öldürdik» diýendikleri üçin (olary saňa inderilen (Kurana) we senden
näletledik). Emma olar ony (Isany) öň inderilen (kitaplara) iman getiren
öldürmediler we ony asmadylar. Ýöne möminlere, namaz okanlara, zekat
(öldürilen adam) olara (Isa) meňzeş berenlere, Alla we ahyret gününe iman
(edilip) görkezildi. Takyk, ol (Isa) hakda getirenlere, ine, Biz olara uly sylag bereris.
104