KÖP DERDE DERMAN BOLÝAN SALAWAT
اللَّهُمَّ صَلِّ صَلاَةً كَامِلَةً وَسَلِّمْ سَلاَماً تَامًّا عَلَى سَيِّدِنَا مُحَمَّدٍ تَنْحَلُّ بِهِ الْعُقَدُ وَتَنْفَرِجُ بِهِ الْمكُرَبُ وَتُقْضَى بِهِ الْحَوَائِجُ وَتُنَالُ بِهِ الرَّغَائِبُ وَحُسْنُ الْخَوَاتِمِ وَيُسْتَسْقَى الْغَمَامُ بِوَجْهِهِ الْكَرِيمِ وَعَلى آلِهِ وَصَحْبِهِ فِي كُلِّ لَمْحَةٍ وَنَفَسٍ بِعَدَدِ كُلِّ مَعْلُومٍ لَكَ
Okalyşy
“Allahümme salli saläten kamileten we sellim selamen tammen ala Seýýidinä Muhammedinillezi tenhallü bihil ukadü we tenferijü bihil-kürebü we tukda bihil-hawaijü we tünälü bihir-regaibü we hüsnül-hawatimi we ýüstaskal gamamu biwejhihil Kerim, we alä alihi we sahbihi fi külli lemhatin we nefesin bi adedi külli malumin leke.”
Manysy
Allahym! Pygamberimiz Hz.Muhammede (s.a.w) kämil bir salat we salam eýle. Sebäbi onuň hormaty bilen dügünler çözüler, gaýgy-gussa gider, kynçylyklar çözüler. Onuň hormaty bilen zerurlyklar ýerine getiriler. Onuň hormaty üçin köňlümizdäki ýagşy dilegimiz we arzuwlarymyz hasyl bolar. Ýagşy netijeler onuň hormaty bilen gazanylar. Onuň hormaty bilen bulutlardan ýagmyr ýagar. Bu salat we salamlary, her pursat we her nepesiň Saňa mälim bolan zatlaryň mukdaryça, al we ashabyna-da eýle.
Bu salawat näme üçin okalýar?
Bir giden zerurlyklardan we kynçylyklardan derrew dynmak maksady bilen okalýar. Bu dogany okamagyň maksady:
*Keselçilikden gutulmak
*Gaýgy-gussadan halas bolmak
*Kynçylyklardan dynmak
*Zulumdan halas bolmak maksady bilen
*Bergiden dynmak maksady bilen
*Haýsy hem bolsa bir dilegiňiziň ýerine gelmegi üçin
Kynçylyklardan dynmak, ýa bolmasa haýsy hem bolsa bir dilegiňiziň ýerine gelmegi üçin Salat-y Tefrijiýe dogasy köp okalsa, okalan salawatyň hikmeti we Allahyň eradasy bilen dilegiňiz ýerine geler. Emma bu dogany uly ynanç we Alla hoşniýetlilik bilen ak ýürekden okamaly. Şeýle hem diňe Alladan dilemeli, we netijesinem diňe Alladan garaşmaly.
Bu dogany 4444 gezek okalmagynyň has hem täsirlidigi bilinýär. 4444 gezek isle bir adam tarapyndan ýa bolmasa bileleşip, birnäçe kişilere paýlap hem okap bolar.