Page 290 - Kurany Kerim Meali
P. 290

76.  (Eý,  Muhammet!)  Olar  seni  ol
                ýerden (ýurduňdan) çykarmak üçin saňa
                ezýet beripdiler. Şeýle bolanda, (olaryň
                özleri  hem)  senden  soň  diňe  az  (wagt)
                ýaşadylar.


                77.  (Pygamberini  ýurdundan  çykaran
                kowumyň heläk edilmegi) Biziň senden
                öňki iberen pygamberlerimizden (galan)
                kanundyr. Sen Biziň (bu) kanunymyzda
                üýtgeşiklik tapmarsyň.


                78.  Gün  (günortandan)  agandan,  tä
                gijäniň garaňkylygyna çenli (öýle, ikindi
                agşam, ýassy) namazy doly berjaý et we
                ertir (namazyny) oka! Çünki ertir (bilen
                okalýan namaz) şaýatlydyr.


                Düşündiriş:  Bu  aýatda  kesgitli  wagtlarda
                okalýan  bäş  wagt  namaza  hem-de  gündizki
                işlere  gözegçilik  edýän  perişdeler  bilen  gijeki
                işlere gözegçilik edýän perişdeleriň nobatlaryny
                çalşanlarynda  ertir  namazyny  okaýan  adamlara
                şaýat bolýandyklaryna yşarat edilýär.

                79. (Eý, Muhammet!) Gije oýanyp, saňa
                mahsus bolan nepil (tehejjut) namazyny
                oka!    Şonda     Perwerdigäriň     seni
                «Makamy-mahmuda  (öwgä  mynasyp
                bolan derejä)» ýetirer.                       Bizden)  ýüzüni  sowar  we  (ters)  tarapa
                                                              öwrülip  daşlaşar.  Oňa  ýamanlyk  ýetse,

                80.  (Eý,  Muhammet!  Sen):  «Eý,             umydyny ýitirer.
                Perwerdigärim!  Meni  girjek  ýerime
                dogrulyk (salamatlyk) bilen giriz. Çykjak     84. (Eý, Muhammet!) Aýt: «Her kim öz
                ýerimden  hem  dogrulyk  bilen  çykar.        gurluşyna  (hüý-häsiýetine)  görä  amal
                Maňa Öz huzuryňdan kömekçi güýç ber!          eder.  Siziň  Perwerdigäriňiz  kimiň  has
                                                              dogry ýoldadygyny iň gowy bilýändir».

                81. Hak geldi, batyl (zatlar) ýok boldy.      85.  Senden  ruh  hakda  soraýarlar.  Aýt:
                Takyk, batyl ýok bolujydyr» diýip aýt.        «Ruh    Perwerdigärimiň    emrindendir
                                                              (bilýän işlerindendir). Size ylymdan diňe
                82.  Biz  Kurandan  möminler  üçin  şypa      az (paý) berildi».
                hem-de  rahmet  bolan  zatlary  (aýatlary)
                inderýäris. (Ýöne bu aýatlar) zalymlaryň      86.  Eger  islesedik,  saňa  wahyý  edýän
                (inkär  etmekleri  sebäpli)  diňe  zyýan      zadymyzy  (senden)  keserdik.  Soň  Bize
                çekmegini artdyrar.                           garşy  özüň  üçin  bir  (ýardam  berjek)
                                                              wekil (hossar) tapmarsyň.
                 83. Biz ynsana nygmat berenimizde, (ol

                                                                                                 291
   285   286   287   288   289   290   291   292   293   294   295